"Ylalaşygyň döreden ýeňillikleriniň goralmagy üçin ÝB-niň ýeterlik derejede tagalla etmeýär"

Zarif düýn paýtagt Tähranda Ýewropa Komissiýasynyň Energetikadan jogapkär wekili Miguel Arias Kanete bilen duşuşdy

975437
"Ylalaşygyň döreden ýeňillikleriniň goralmagy üçin ÝB-niň ýeterlik derejede tagalla etmeýär"

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygynyň Eýran üçin döreden ýeňillikleriniň goralmagy üçin ÝB-niň ýeterlik derejede tagalla etmeýändigini aýtdy.

IRNA-dan alynan habara görä, Zarif düýn paýtagt Tähranda Ýewropa Komissiýasynyň Energetikadan jogapkär wekili Miguel Arias Kanete bilen duşuşdy.

Zarif duşuşykda ABŞ-nyň ylalaşykdan çekilmegi bilen birlikde ylalaşygyň döreden ýeňillikleriniň goralmagy meselesinde ÝB-niň berýän syýasy goldawynyň ýeterlik derejede bolmandygyny nygtady.

Zarif Ýewropaly uly firmalaryň Eýran bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny bes edip biljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýda ýurdunyň Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilendigini mälim edipdi.

Ýewropaly liderler bilen Tahran bolsa ABŞ-nyň kararyna garamazdan ylalaşygyň dowam etdirilmegini isleýär.



Degişli Habarlar