Maduro Wenesuelanyň prezidentligine ýaňadandan saýlandy

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurdynda geçirilen prezident saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynda üstün çykyp, ýaňadandan prezidentlige saýlandy

975323
Maduro Wenesuelanyň prezidentligine ýaňadandan saýlandy

Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Tibisaý Lusena saýlawlara bolan gatnaşygyň 46 göterimden gowrak bolandygyny we 8 million 300 müňden gowrak saýlawçynyň beren sesleriniň sanalandygyny habar berdi.

Ýurdyň häzirki prezidenti Maduronyň 5 million 800 müňden gowrak adamyň sesini alandygyny aýdan Lusena Nikolas Maduronyň sesleriň 68 göterimini alyp, ýurdyň prezidenti wezipesine ýaňadandan saýlanandygyny mälim etdi.

Lusena prezident saýlawlaryna gatnaşan beýleki dalaşgärler Henri Falkonyň 1 million 820 müň adamyň sesini, Hawýer Bertuççiniň 925 müň adamyň sesini, Reinaldo Kuižadanyň 34 müň 614 adamyň sesini alandygyny beýan etdi.

Nikolas Maduro ýurdy 2025-nji ýyla çenli dolandyrar.

Beýleki tarapdan Hanri Falkon sosial media hasabyndan beýanat berip saýlawyň netijelerini ykrar etmeýändiklerini we bikanun hökmünde yglan edendiklerini belledi.



Degişli Habarlar