Pompeo Tehasda öldürilen pakistanly okuwçy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Tehas ştatynyň Santa Fe şäherindäki liseýleriň birinde anna güni guralan hüjümde öldürilen pakistanly okuwçy Sabika Şeikh sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi
974855
![Pompeo Tehasda öldürilen pakistanly okuwçy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/af3d/370a/c36b/5af68a08bb5e9.jpg?time=1718781307)
Pompeo gynanç hatynda: “Santa Fe şäherindäki liseýde öldürilen Sabika Şeikhiň maşgalasyna we dost-ýarlaryna gynanç bildirýärin” diýdi.
Pakistanly okuwçynyň ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň "Ýaş çalşyrma we bilim programmasynyň" çäginde ABŞ-e gelendigini aýdan Maýk Pompeo Şeikhiň öldürilmeginiň ABŞ-de we Pakistanda gynanç bilen kabul edilendigini habar berdi.
Amerikanyň Tehas ştatynyň Santa Fe şäherinde anna güni liseýleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 10 adam ýogalypdy, 10 adam ýaralanypdy.
ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp hüjüm bilen baglanşykly Twitter hasabyndan: “Tehasda liseýe hüjüm guraldy. Ilkinji gelip gowuşan habarlar örän erbet. Taňry ählisini öz penasynda saklasyn” diýip nygtapdy.