Russiýanyň ýarag eksporty sanksiýalara garamazdan 2,3 göterim artdy

Russiýanyň ýarag eksporty 13,4 milliard dollara barabar boldy

974028
Russiýanyň ýarag eksporty sanksiýalara garamazdan 2,3 göterim artdy

 

Rus döwlet goranyş senagaty Rosteh firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Sergeý Çemezow Russiýanyň ýarag eksportynyň sanksiýalara garamazdan 2017-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2,3 göterim artyp 13,4 milliard dollara ýetendigini habar berdi.

Çemezow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Soçi şäherinde bolan duşuşygynda Rostegiň sap girdejisiniň 2017-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 38 göterip artyp 121 milliard rubla ýagny 2 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.

Çemezow firmanyň ýarag eksportynyň hem sanksiýalara garamazdan 2017-nji ýylda 2,3 göterim artyp 13,4 milliard dollara barabar bolandygyny ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #ýarag , #eksport

Degişli Habarlar