Leýla bäbejik Gazanyň 62-nji şehidi boldy

Palestinaly şehitleriň 8-i heniz 18 ýaşyna ýetmedik ýetginjeklerden ybarat

971906
Leýla bäbejik Gazanyň 62-nji şehidi boldy

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Gaza serhedinde ABŞ-nyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny İýerusalime göçürmegine garşy we Nekbäniň 70 ýyllygyny hatyralamak islän demonstrantlara garşy ot açmagy netijesinde şehit bolan palestinalylaryň sany 62-ä ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Ysraýylly esgerleriň düýn 51 ýaşyndaky Nasyr Ahmed Gurab atly palestinalyny şehit edendigini habar berdi.

Wakalarda ýaralananlaryň sany hem 2770 adamdan geçdi.

Palestinaly şehitleriň 8-i heniz 18 ýaşyna ýetmedik ýetginjeklerden ybarat.

Wakalarda ýaralanan 2770 adamdan 225-i çaga, 86-sy bolsa zenan.

Gyrgynçylykda 8 aýlyk Leýla bäbejik hem Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň gözüňi ýaşardýan gaz bombalary sebäpli ýogaldy.

Leýlanyň ejesi Merýem Al Gandur  perzendiniň ýogalmagyndan Ysraýylyň jogapkärdigini nygtady.

 


Etiketkalar: #Palestina , #çaga , #zenan , #ýetginjek

Degişli Habarlar