Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa bilen geçiriljek gepleşikleri bes etdi

Demirgazyk Koreýa ABŞ bilen Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby türgenleşigini meçew berme hökmünde häsýetlendirip, Günorta Koreýa bilen geçiriljek ýokary derejeli gepleşikleri bes etdi

971954
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa bilen geçiriljek gepleşikleri bes etdi

Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Demirgazyk Koreýa ABŞ bilen Günorta Koreýanyň arasynda dowam edýän “Max Tunder” atly bilelikdäki harby türgenleşigi meçew berme hökmünde häsýetlendirdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong Un bilen Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy Mun Ži-iniň geçen aýyň dowamynda bolan duşuşygynyň dowamy bolan we şu gün serhetdäki Panmunžom obasynda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary derejeli gepleşikleriň bes edilendigi habar berildi.

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar gullugy “KJNA-nyň” habarynda-da “Günorta Koreýada geçirilýän we Demirgazyk  Koreýa garşy guralan türgenleşik, Panmunžom Jarnamasyna edilen äsgermezçilik we Koreýa ýarym adasyndaky oňyn syýasy wakalara edilen açyk harby meçew bermedir” diýilýär.

Demirgazyk Koreýa 12-nji iýunda Singapurda Kim Ýon Un bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň hem bes edilip bilinjekdigini duýdurdy.

 



Degişli Habarlar