Gazada ýogalan palestinalylaryň sany barha artýar

Gazada ABŞ-niň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek bilen bagly kararyny protest etmek üçin köçelere çykan palestinalylaryň 52-i ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde şehit boldy, 1500-den gowrak palestinaly bolsa ýaralandy

970611
Gazada ýogalan palestinalylaryň sany barha artýar

ABŞ-niň Tel-Awiwdäki ilçihanasynyň Iýerusalime göçürmegini protest eden palestinalylar açylyş dabarasyndan ozal Gazada we Günbatar Şeriada protestler geçirýärler. 

Beýtüllahim, El Halil we Ramallah ýaly şäherlerde müňlerçe demonstrantyň gatnaşmagynda dowam edýän protestlere garşy ysraýylly esgerler berk garşylyk görkezýär. 

Ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde häzirki wagta çenli 52 palestinaly şehit boldy, 1500-den gowrak palestinaly bolsa ýaralandy. 

Ýaralanan adamlaryň arasynda 9 sany žurnalist hem bar. 

Ysraýyl demonstrantlaryň arasyna uçarmansyz howa ulaglarynyň kömegi bilen gözüňi ýaşardýan gaz ýagdyrýar. 

Palestinalylar bolsa zulma garşy diňe daş zyňyp garşylyk görkezýär. 

ABŞ-niň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi dünýäniň çar tarapynda protest edilýär. 

46 ýurtda ýüz müňlerçe adamyň protestlere gatnaşmagyna garaşylýar. 

 



Degişli Habarlar