Fransiýanyň Prezidenti Eýranyň Prezidenti bilen söhbetdeş boldy

Ýeliseý köşgi tarapyndan telefon söhbetdeşligi bilen bagly beýanat berildi

967879
Fransiýanyň Prezidenti Eýranyň Prezidenti bilen söhbetdeş boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurdunyň P5+1 bilen Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekişilen ýadro şertnamasyny ähli taraplaýyn dowam etdirmegi isleýändigini habar berdi.

Ýeliseý köşgi tarapyndan berilen beýanatda Makronyň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy mälim edildi.

Telefon söhbetdeşliginde iki lider ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çekilmek baradaky karar kabul eden ýagny Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyny ele aldylar. Makron Ruhana Fransiýanyň ýadro şertnamasyny ähli taraplaýyn dowam etdirmegi isleýändigini we Tähranyň hem bu ugurda hereket etmegine garaşýandygyny beýan etdi.

Iki lider sebitiň durnuklylygynyň goralmagy we ýadro şertnamasynyň dowam etmegi üçin taraplaryň umumy ýagdaýda işleşjekdigini belläp, iki ýurdyň daşary işler ministrleriniň iň gysga wagtda bu ugurda işleşmek üçin duşuşyk geçirjekdiklerini habar berdiler.  

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sişenbe güni Ak Tamda beren beýanatynda ýurdunyň Eýran bilen gazanylan şertnamadan çekilýändigini we bu ýurda garşy agyr sanksiýalaryň ýaňadandan gün tertibe getiriljekdigini mälim edipdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa ýadro şertnamanyň beýleki 5 ýurt bilen dowam etjekdigini nygtapdy.



Degişli Habarlar