Eýran Ysraýylyň Premýer ministrine “Ýalançy çopan” diýdi

Eýran ýurdyň ýadro ýarag öndürmek üçin gizlin bir programmanyň üstünde işleýändigini öňe süren Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny Ýalançy çopan hökmünde häsýetlendirdi

961844
Eýran Ysraýylyň Premýer ministrine “Ýalançy çopan” diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif Eýranyň ýadro ýarag öndürmek üçin gizlin bir programmanyň üstünde işleýändigini öňe süren Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny Ýalançy çopan hökmünde häsýetlendirdi.

Zarif resmi Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Ýalançy çopan (Netanýahu) habaryny 12-nji maýdan birnäçe gün ozal orta atdy” sözlerini ulandy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak üçin köne günäkärlemelerini dowam etdirýändigini aýdan Zarif emma Halkara Atom energiýa guramasynyň bu öňe sürmeleri ozal derňändigini belledi.



Degişli Habarlar