Wladimir Putin bilen Emmanuel Makronyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro programmasy ele alyndy

961450
Wladimir Putin bilen Emmanuel Makronyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Iki lider bu meselede gazanylan ylalaşyga bagly galjakdyklaryny tassykladylar.

Makron, Putine ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçen hepde Amerikanyň paýtagty Waşingtona guran saparynyň çäginde geçiren duşuşygyň ýadro ylalaşygy bilen bagly bölegi barada maglumat berdi.

Putin we Makron ylalaşygyň goralmagynyň tarapdarydyklaryny bellediler.

Telefon söhbetdeşliginde halkara arenada başdan geçirilýän beýleki wakalar bilen birlikde Russiýa bilen Fransiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar