Demirgazyk Koreýa ýadro desgasyny maý aýynda ýapmagy meýilleşdirýär

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň ýurdyndaky ýadro synaglarynyň geçirilýän ýeri bolan desgany öňümizdäki aý ýampagy meýilleşdirýändigi habar berildi

960793
Demirgazyk Koreýa ýadro desgasyny maý aýynda ýapmagy meýilleşdirýär

Günorta Koreýanyň Prezident diwany tarapyndan berilen beýanatda Kimiň: “koreýa söweşiniň gynandyryjy geçmişini ýaňdandan gaýtalamarys. Koreýa milletiniň ýeke damja ganynyň dökülmegine rugsat bermeris. Güýç ulanmajakdygymy tassyklaýaryn” diýendigini habar berdi.

Şoňa laýyklykda Kimiň mundan başgada öňümizdäki aý Pungeri ýadro desgasynyň ýapylmagy etabynyň halkara hünärmenler tarapyndan syn edilmegine rugsat beriljekdigi barada söz berdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideriniň aýdanlaryny ýetiren Günorta Koreýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Kimiň söweşi bes etmek babatynda ABŞ bilen bir ylalaşyga gelinen halatynda ýadro ýaraglaryň manysynyň galmajakdygyny aýdandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan 27-nji apreldäki taryhy duşuşykda iki ýurdyň umumy sagat guşagyna geçmek babatynda ylalaşandyklary beýan edildi.



Degişli Habarlar