ÝHWHG Koreýa ýarymadasyndaky taryhy duşuşyga goldaw berdi

“Koreýaly liderleriň arasyndaky duşuşyga hoşallyk bildirýaris. Bu taryhy başlangyç sebitdäki dartgynlygyň ortadan aýrylmagyna uly goşant goşar”

960222
ÝHWHG Koreýa ýarymadasyndaky taryhy duşuşyga goldaw berdi

 

Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda guramanyň döwürleýin ýolbaşçysy İtaliýanyň Daşary işler ministri Alfano bilen ÝHWHG-nyň Baş sekretary Thomas Gremingeriň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Un bilen Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun İniň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli parahatçylyk şertnamasyna gol çekişilmegi baradaky kararyna we iki ýurduň Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy baradaky tagallalaryna goldaw berýändigi nygtaldy.

Beýanatda Alfanonyň “Koreýaly liderleriň arasyndaky duşuşyga hoşallyk bildirýaris. Bu taryhy başlangyç sebitdäki dartgynlygyň ortadan aýrylmagyna uly goşant goşar” diýendigi nygtaldy.

Alfano beýanatynda halkara jemgyýetçiliginiň Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagyny maksat edinýändigine ünsi çekdi.

ÝHWHG-nyň Baş sekretary Greminger hem taryhy duşuşygyň yzygiderli parahatçylyk üçin aýgytly ädimdigini belledi.

Greminger “Bu taryhy waka halkara howpsyzlygyň üpjün edilmegine we çaknyşýan beýleki döwletlere parahatçylyk üçin gepleşikler geçirmeklerine ylham berer” diýdi.



Degişli Habarlar