Kanadada bir sürüji ulagyny adamlaryň üstüne sürdi

Kanadanyň Toronto şäherinde bir sürüjiniň ulagyny adamlaryň üstüne sürmegi netijesinde 9 adam ýogaldy

957361
Kanadada bir sürüji ulagyny adamlaryň üstüne sürdi

Şäheriň merkezinde adamlaryň üýşmeleň ýeri bolan Ýonge köçesi bilen Finç bulwarynyň kesişýän ýerinde bolan hadysada şeýle hem 16 adam ýaralandy.

Toronto şäheriniň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Meghan Greý ulagyň sürüjisiniň tussag edilendigini, wakanyň terrorçylykly hüjüm bolup-bolmandygyny beýan etmek üçin entek irdigini habar berdi.

Greý ýerli wagt bilen sagat 13:30-da bolan waka bilen bagly derňew işini dowam edýändigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Kanada , #Toronto , #ulag

Degişli Habarlar