“Eýran bilen gazanylan ylalaşyk uly ýeňillik döredýär”

Halkara Atom energiýasy guramasynyň baş Utgaşdyryjysy Kornel Seruta Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygynyň maglumatlar we degişli ýerlere baryp görmek taýdan uly ýeňillik döredýändigini aýtdy

957340
“Eýran bilen gazanylan ylalaşyk uly ýeňillik döredýär”

Seruta BMG-niň Ženewadaky ofisinde geçirilen Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi barada ylalaşyk boýunça geçirilen halkara maslahartyna gatnaşdy.

Halkara Atom energiýasy guramasynyň gözegçilik kameralary bilen her gün ýüzlerçe müň fotusurat alýandyklaryny we her aý birnäçe million çeşmeden maglumat ýygnap, analiz edýändiklerini gürrüň beren Seruta Eýranyň ylalaşyk boýunça borçlaryny berjaý edýändigini aýtdy.

Eýran bilen BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň agzalary ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa bilen Germaniýanyň arasynda 2015-nji ýylyň iýul aýynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Tähran ýadro maksatnamasyny çäklendiripdi, öwezinde bolsa Eýrana goýulan sanksiýalar ýeňilleşdirilipdi.

Ozalky Prezident Barak Obamanyň döwründe gol çekişilen ylalaşygy berk tankyt edýän ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ylalaşygyň şu günki şertlere görä özgerdilmelidigini, eger şeýle bolman halatynda ABŞ-nyň ylalaşykdan çekiljekdigini öňe sürüpdi.

 


Etiketkalar: #BMG , #Barak Obama , #Eýran

Degişli Habarlar