Asada tabynlykdaky güýçler indi bolsa Homsyň käbir ýerlerine hüjüm etmäge başlady

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler we olara goldaw berýän toparlar Homs welaýatynyň demirgazygyndaky obalyk ýerlerinde gabaw astynda saklaýan ýerlerine garşy operasiýa başlatdy

953280
Asada tabynlykdaky güýçler indi bolsa Homsyň käbir ýerlerine hüjüm etmäge başlady

Operasiýanyň çäginde häzirki wagta çenli 6 ýer ele salyndy.

Asada tabynlykdaky güýçler we olara goldaw berýän toparlar Damaskyň Gündogar Guta etrabynyň gözegçiligini üpjün edenlerinden soň ýurdyň merkezindäki Homs welaýatynda gabaw astynda saklaýan ýerlerine garşy hüjüm başlatdylar.

Homsdaky Anadoly habarlar agentliginden alynan maglumata görä Asada tabynlykdaky güýçler soňky 3 günde Wadi El Hubbiýe, Wadi El Kurbat, Ardul Jasiýe, Ard Kabir Eş Şeýha, Zahrat Jebabi we Zahrat Jesiýe obalaryny basyp aldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň gury ýer operasiýalaryna goşmaça ýagdaýda Homs welaýatynyň demirgazygyndaky Telbise we Rastan etraplary bilen Malluk düşelgesi, Deýr Ful, Müşrefiýe, Zarafani, Tirmala ýaly ýaşaýyş ýerlerine uçarlar, raketalar we artilleriýa bilen hüjüm guralýar.

Ýerli çeşmeler Asada tabynlykdaky güýçleriň ilkinji maksadynyň Halapy Homsyň demirgazygy bilen birleşdirýän Salamiýe ýolunyň gözegçilgini üpjün etmekden ybaratdygyny habar berýärler.

Asada tabynlykdaky güýçler we olara goldaw berýän toparlar şeýlelik bilen ýoluň üsünde harby güýç üýşürip, oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky 592 ind kilometrlik ýeri basyp almak üçin giň gerimli operasiýa başlatmak isleýär.

Homsyň demirgazygynda 200-250 müň adam eýýäm 5 ýyl bäri gabaw astynda saklanýar.

Asada tabynlykdaky güýçler Gündogar Guta sebitini 5 ýyllyk gabawdan we hüjümlerinden soň geçen hepde basyp alypdy.



Degişli Habarlar