“Siriýa guralan howa hüjümi Türkiýe bilen Russiýany biri-birinden aýyrmady”

Russiýa, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň tersine Siriýa guralan howa hüjüminiň Türkiýe bilen Russiýany biri-birinden aýyrmandygyny habar berdi

952643
“Siriýa guralan howa hüjümi Türkiýe bilen Russiýany biri-birinden aýyrmady”

Kreml ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň himiki ýarag ulanandygy sebäpli şebe güni Siriýanyň hökümetine garşy guran howa hüjümi barada beýanat beren Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, howa hüjüminiň Türkiýe bilen Russiýany biri-birinden aýyrandygy baradaky beýanatyna jogap berdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dimitriý Peskow “Ankara bilen Moskwanyň garaýyşlarynyň käbir meselelerde biri-birinden tapawutlydygyny hemmeler bilýär. Emma bu ýagdaý garaýyşlarymyzy ara alyp maslahatlaşmagymyza päsgel bermeýär” diýdi.

Peskow “Esasy zat şol garaýyş tapawutlygy hyzmatdaşlygymyza pugtalandyrmagymyza ýaramaz täsirini ýetirmeýär” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Ankarada beren beýanatynda “Garaýyşlarymyz biri-birinden tapawutly bolup biler emma Russiýa bilen edýän gatnaşyklarymyz Makronyň sözleri bilen bozulmaz” diýipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar