Çilide HİW/SPİD keseli 7 ýylda 96 göterim artdy

Çiliniň Saglygy saklaýyş ministri Emilio Santelikes ýurtda SPİD keseline ýolukma derejesinin 2010-njy ýyldan 2017-nji ýyla çenli 96 göterim ýokarlandygyny aýtdy

949016
Çilide HİW/SPİD keseli 7 ýylda 96 göterim artdy

“La Segunda” gazetiniň habar bermegine görä Santelikes ýokary okuw mekdepleriniň we hassahanalaryň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatyndan soň; “Görkezijiler bütin Latyn Amerika ýurtlaryndan, hat-da Afrikadan hem ýokarda. Häzirki wagtda Çilide şol hassalyga ýolugan 45 müň adam bar. Emma biziň çaklamalarymyza görä şol san 100 müňden ýokarda” diýdi.

Çili uniwersitetiniň SPİD merkeziniň baş lukmany Aležandro Afani bolsa 2010-njy ýylda ýurtda SPİD-e ýoluganlaryň sanynyň 2,968 adama barabardygyny, şol sanyn 2017-nji ýylda 5,816-a ýetendigini aýtdy.


Etiketkalar: #Çili , #SPİD keseli , #howply

Degişli Habarlar