BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Dumadaky himiki ýarag hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi

Nebenzia Dumadaky himiki ýarag hüjümini “ýalan” hökmünde häsiýetlendirdi

948006
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Dumadaky  himiki ýarag hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýanyň hökümetiniň gabawy astyndaky Gündogar Gutanyň Duma etrabyna guralan himiki ýarag hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Fransiýanyň, Britaniýanyň, ABŞ-nyň we Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalary Gollandiýanyň, Perunyň, Pil dişi kenarlarynyň, Polşanyň, Kuweýdiň we Şwesiýanyň talabyna laýyklykda geçirlen maslahatda sözlän sözünde çaknyşyklar sebäpli Siriýadaky urşuň milli ýada sebitara krizisden öte geçendgi we halkara howpsyzlyga wehim salýandygy barada duýduryş berdi.

De Mistura maslahatda Dumadaky “şübheli” himiki ýarag hüjüminde azyndan 49 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyny emma BMG-nyň hüjümiň jogapkärlerini tapyp bilmändigini aýtdy.

Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Wassily Nebebzia ABŞ-nyň Siriýa harby hüjüm guramagynyň netijesiniň agyr boljakdygy barada duýduryş berdi.

Nebenzia Asada tabynlykdaky güýçleriň Dumada himiki ýarag ulanmandygyny öňe sürdi we ABŞ-ny, Fransiýany we Britaniýany Siriýada Russiýa garşy syýasat alyp barmakda günäkärledi.

Nebenzia Dumadaky himiki ýarag hüjümini “ýalan” hökmünde häsiýetlendirdi

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Haleý bolsa Dumadaky himiki ýarag hüjümini “diňe ganhorlar asuda ilaty nyşana alyp biler” diýdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi herekete geçse-de geçmesede ABŞ-nyň Siriýadaky hüjüme gaýtawul berjekdigini aýdan Haleý, dünýaniň indi adalaty görmelidigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar