Russiýanyň Prezidenti Putin prezident mandatyny aldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin döwlet baştutany mandatyny aldy

943378
Russiýanyň Prezidenti Putin prezident mandatyny aldy

Putin Kremldäki ofisinde Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowany kabul etdi.

Ella Pamfilowa 18-nji martdaky saýlawlarda sesleriň 76,69 göterimini alyp, ýurdyň Prezidenti wezipesine ýaňadandan saýlanan Putine mandatyny gowşurdy.

Wladimir Putin saýlaw komissiýasyna minnetdarlyk bildirip: “Bu biziň taryhymyzdaky iň arassa we açyk saýlawdy” diýdi.

Russiýanyň döwlet baştutany Putin resmi netijelere görä 56 million 430 müň 712 adamyň sesini alyp, saýlawlarda üstünlik gazanypdy.

4-nji mandatyny alan Putin şu gün Prezident R.T. Erdogan bilen Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşi maslahatyna we Akkuýu atom elektrik bekediniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkiýä sapar gurar.



Degişli Habarlar