Eýranda çaýhanada bolan ýangynda 11 adam ýogaldy

Ýaralananlar hassahanada bejergi astyna alyndy

943420
Eýranda çaýhanada bolan ýangynda 11 adam ýogaldy

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherinde çaýhanada bolan ýangynda 11 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýangynda 11 adam ýogaldy,13 adam ýaralandy.

Ýaralananlar hassahanada bejergi astyna alyndy.

Ertiriň irki sagatlarynda bolan ýangynda 6 adam hem halas edildi.

Welaýatyň İçeri işler müdüriniň orunbasary Ali Kasympur waka bilen arabaglanşykly 1 adamyň saklanandygyny belledi.

Kasympur çaýhananyň oda berilme ähtimallygynyň derňelýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar