Lawrow: “Sowuk uruşuň hem düzgünleri bardy”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Sowuk uruşuň hem düzgünleriniň bardygyny aýtdy

942730
Lawrow: “Sowuk uruşuň hem düzgünleri bardy”

Russiýanyň häzirki wagtda ABŞ, Britaniýa we beýleki ýurtlar bilen bolan gatnaşyklarynyň Sowuk uruş döwründen hem erbetdigini aýdan Lawrow, Sowuk uruş döwründe-de düzgünleriň bolandygyny, şol ýurtlaryň bolsa edepliligiň düzgünlerini berjaý etmeýändigini nygtady.

Moskwada Banlgadeşiň Daşary işler ministri Abdul Hasan Mahmud Ali bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçiren Lawrow, Britaniýanyň we ABŞ-nyň başda durmagyndaky käbir günbatar ýurtlarynyň ozalky rus içaly Sergeý Skripalyň we gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi sebäpli rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmagy barada durup geçdi.

Lawrow: “Sowuk uruş barada köp zat aýdylýar. Häzirki şertleriň adaty Sowuk uruş döwründen hem erbetdigi hem aýdylýar. Eýsem şol döwürde käbir düzgünler bardy, edepliligiň düzgünleri berjaý edilýärdi. Emma häzirki wagtda Britaniýa, ABŞ we olaryň ýaranlary edepliligiň ähli düzgünlerini bir gyra goýup, aç-açan ýalana we ýalňyş maglumata gönükdi” diýdi.

“Ähli günäkärlemeleriň delillere esaslanmalydygyny ýene-de bir gezek nygtasym gelýär. Emma delil bolman halatynda gahar-gazaplaryny gatnaşyklaryny goldamak, agyr şertlere çözgüt tapmak, kynçylyklary ýeňip geçmek maksady bilen käbir ýollary tapmakdan jogapkär bolan diplomatlardan çykarýarlar” diýen Lawrow, ýurtdan çykarmalaryn toslama sebäplere esaslandyrylýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar