“Fransiýa, Gazada soňky günlerde başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýär"

Fransiýa Gazada Ysraýylly esgerler tarapyndan 17 palestinalynyň şehit edilmegine sebäp bolan wakalara uly alada bildirýär

942260
“Fransiýa, Gazada soňky günlerde başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýär"

Fransiýa Gazada Ysraýylly esgerler tarapyndan 17 palestinalynyň şehit edilmegine sebäp bolan wakalara uly alada bildirýändigini mälim etdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Agnes Won Der Mühl Gazada Ysraýylly esgerler tarapyndan 17 palestinalynyň şehit edilmegi wakasy barada ýazmaça beýanat berdi.

Fransiýa hökmünde Ysraýylly ýolbaşçylaryň asuda ilaty goramak jogapkärçiliginiň bardygyny ýatladýandyklaryny nygtan Mühll “Fransiýa, Gazada soňky günlerde başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýär, şol bir wagtda hem palestinalylaryň asuda ýagdaýda protest ýörişini geçirmek hukugynyň bardygyny ýatladýar” diýdi.

Gazadaky adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin gabawyň we beýleki çäklendiriji çäreleriň bes edilmelidigini aýdan Mühll iki döwletli çözgüt baradaky gepleşikleriň dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.

Palestinalylar Toprak gününiň 42 ýyllygy mynasibetli anna gününden bäri gabaw astyndaky Gaza sektorynyň Ysraýyl serhedinde parahatçylykly maksatly ýöriş geçirýär.

Ysraýylly esgerleriň ýörişde hakyky gülle ulanmaklary sebäpli 17 palestinaly şehit boldy, ýüzlerçesi hem ýaralandy.

 



Degişli Habarlar