Trampyň körekeni we baş geňeşçisi Kuşneriň Salmana gizlin maglumatlar berendigi öňe sürüldi

ABŞ-nyň Preizdenti Donald Trampyň körekeni we baş geňeşçisi Žared Kuşneriň Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salmana gizlin maglumatlary berendigi öňe sürüldi

941151
Trampyň körekeni we baş geňeşçisi Kuşneriň Salmana gizlin maglumatlar berendigi öňe sürüldi

Wekiller Palatasynyň 6 sany demokrat agzasy Federal barlag ofisinden wakanyň derňelmegini talap etdi.

Žared Kuşneriň oktýabr aýynda Saud Arabystanyna guran saparynyň dowamynda Şazada Salmana gizlin maglumatlary paş edendigi habar berildi.

Kuşneriň şanyň maşgala agzalaryndan we ýokary derejeli ýolbaşçylardan Şazada Salmana garşy durýanlaryň sanawyny berendigi öňe sürülýär.

Kuşneriň saparyndan bir hepde soň Saud şasynyň maşgala agzalarynyň birnäçesi “galplyk derňewi” ady bilen saklandy we emläkleri döwlet haýryna geçirildi.

Kuşneriň gizlin maglumatlary Prezident Donald Trampa berilen gündelik brifingden alandygy hem öňe sürülýär.

Ak Tamdaky howpsyzlyk derejesi geçen aşakladylan Kuşner üçin indi gündelik brifingler hem elýeterli däl.

Kuşneriň wekilleri bolsa günäkärlemeleri jogapsyz goýdy.



Degişli Habarlar