Gürjistan bilen Belarusyň arasynda wiza ulgamy bes edildi

Margwalaşwili bilen Lukaşenko wiza ulgamynyň bes edilmegini göz öňünde tutýan şertnama gol çekişdi

936029
Gürjistan bilen Belarusyň arasynda wiza ulgamy bes edildi

 

Iki ýurduň arasynda wiza ulgamynyň bes edilmegini göz öňünde tutýan şertnama Gürjistanyň Prezidenti Giorgi Margwalaşwili bilen Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gol goýdy.

Margwalaşwili bilen Lukaşenko paýtagt Tibliside prezident köşgünde özara we toparara gepleşikler geçirdi.

Gepleşiklerde özara gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, sebitara meseleler we Gürjistanyň territorial bitewiligi meselesi seljerildi.

Özara gepleşiklerden soň Margwalaşwili bilen Lukaşenko Belarus bilen Gürjistanyň arasynda wiza ulgamynyň bes edilmegini göz öňünde tutýan şertnama gol çekişdi.

 



Degişli Habarlar