Boko Haram tarapyndan zamun alynan okuwçy gyzlaryň aglabasy halas edildi

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan zamun alynan 110 gyz okuwçynyň 91-i halas edildi

934625
Boko Haram tarapyndan zamun alynan okuwçy gyzlaryň aglabasy halas edildi

Ýurdyň Maglumat ministri Lai Muhammed beren beýanatynda Ýobe welaýatynyň Dapçi sebitinde gurama tarapyndan zammun alynan gyz çagalaryň 91-iniň şu gün irden halas edilendigini habar berdi.

Okuwçylaryň nädip halas edilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.

Ýurdyň metbugatynda berilýän habarlarda Ýobe welaýatyna degişli Dapçi diýilen ýerde zamun alynan gyz okuwçylaryň aglabasynyň halas edilendigi mälim edilipdi.

Adynyň aýan edilmegini islemeýän Ýobe welaýatynyň Polisiýa gullugynyň resmisi gyz okuwçylaryň aglabasynyň halas edilendigi baradaky habary tassyklady.

Nigeriýada 19-njy fewralda Boko Haram tarapyndan ýurdyň Ýobe welaýatynyň Dapçi diýilen ýerindäki gyzlaryň mekdebine hüjüm guralypdy. Şol hadysadan soň mekdepdäki 110 gyz okuwçynyň ýitendigi mälim edilipdi.

Ýobe welaýatyndaky 300 mekdebiň goralmagy üçin düýn sebite 2 müň polis işgäri iberilipdi.

Nigeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny görkezýän, liderleri Muhammed Ýusufyň göz tussaglygynda mahaly ölmeginden soň 2009-njy ýylda hüjümler guramaga başlan Boko Haram 17 müň adamyň öldürilmeginden jogapkär.



Degişli Habarlar