Reks Tillerson wezipesinden boşadylmagyndan soň ilkinji gezek beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan wezipesinden boşadylan Reks Tillerson wezipesiniň möhlediniň 31-nji martda doljakdygyny habar berdi

929293
Reks Tillerson wezipesinden boşadylmagyndan soň ilkinji gezek beýanat berdi

Tillerson ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda geçiren metbugat ýygnagynda wezipesinden boşadylmagy bilen bagly beýanat berdi.

Metbugat ýygnagynda Reks Tillerson Prezident Trampyň özüne düýn Air Force uçary bilen Kaliforniýa barýarka jaň edendigini beýan etdi.

Wezipesiniň möhlediniň 31-nji martda tamamlanjakdygyny aýdan Tillerson işdeşlerine minnetdralyk bildirdi we şu sözleri aýtdy: “Ministrlikde bile işleşen dostlarym bilen hoşlaşaryn, ählimiz işimizi dogry etjekdigimiz barada kasam etdik. Ben beren sözümde durdym. ABŞ-nyň goşuny bizi goraýar. Amerikalylar hökmünde biz olara minnetdardyrys. Siriýada od açmazlyk barada ylalaşyk gazandyk, müňlerçe adamyň janyny halas etdik” diýdi.

Şu gün wezipesini ministriň orunbasary Jon Salliwana berjekdigini aýdan Tillerson ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine bellenen Maýk Pompeonyň wezipesine geçiş etabynyň başladyljakdygyny habar berdi.

Prezident Tramp düýn sosial media hasabyndan beýanat berip Tillersony wezipesinden boşadandygyny we ýerine ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň başlygy Maýk Pompeony belländigini mälim edipdi.

Donald Tramp Ak Tamda ozal geçiren metbugat ýygnagynda Tillerson bilen käbir meselelerde ylalaşmaýandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar