PKK-nyň tarapdarlarynyň Germaniýadaky metjitlere we naharhanalara hüjümleri dowam edýär

Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň tarapdarlarynyň Germaniýadaky metjitlere we naharhanalara hüjümleri dowam edýär

928936
PKK-nyň tarapdarlarynyň Germaniýadaky metjitlere we naharhanalara hüjümleri dowam edýär

Din işleri guramasy Türk-yslam Bileleşigine degişli Kýoln şäheriniň Kalk Eýüp Soltan metjidine şu gün irden hüjüm guran terror guramasy  PKK/PÝD-ÝPG-niň tarapdarlary, metjidiň diwaryna we aýnalaryna gurama degişli ýazgylar ýazdylar we boýaglar bilen hapaladylar.

Bileleşigiň başlygy Prof.Dr. Newzat Ýaşar Aşykogly hüjümden soň baran metjitde metbugat işgärlerine beýanat berdi.

Metjide guralan hüjüme örän gynanadyklaryny aýdan Aşyogly: “Soňky birnäçe hepde bäri metjitlerimize hüjümler artdy. Muňa gynanýarys we alada bildirýäris. Iň gysga wagtda çäre görülmegini, hüjümleriň bes edilmegini isleýäris” diýdi.

Aşykogly bu hüjümleriň türk jemgyýetine boluşy ýaly, nemes halky üçin hem howp emele getirýändigini belledi.

Beýleki tarapdan Germaniýanyň paýtagty Berlindäki Türkiýem atly naharhana gije sagat 01:10-de daş bilen hüjüm guraldy. Hüjüm sebäpli naharhananyň aýnalary döwüldi, wakada hiç kim ýaralanmady.

Naharhananyň eýesi Halil Kaýa beren beýanatynda ýerli wagt bilen sagat 01:10-da 3 adamyň naharhananyň öňüne gelip, 5-6 sany daş zyňandygyny, hüjüm guralan mahaly müşderileriň hem içinde nahar iýýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar