“Demirgazyk Koreýa beren sözünde duran halatynda Tramp Kim bilen duşuşar”

Tramp bilen Kimiň maý aýynyň ahyryna çenli duşuşmagyna garaşylýar

926544
“Demirgazyk Koreýa beren sözünde duran halatynda Tramp Kim bilen duşuşar”

 

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong Unyň arasyndaky duşuşygyň berlen wadalara baglydygyny aýtdy.

Ak Tamda metbugata beýanat beren Sanders “Demirgazyk Koreýa beren sözünde durmasa bu duşuşyk bolmaz” diýdi.

Sanders Demirgazyk Koreýadan anyk tagallalara garaşýandyklaryny aýtdy.

Prezident Donald Tramp hem Twitter arkaly beren beýanatynda “Demirgazyk Koreýa bilen ylalaşyk gazanmak bütin dünýä üçin amatly bolar” diýdi.

Tramp bilen Kimiň maý aýynyň ahyryna çenli duşuşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar