ABŞ Günbatar Afrikada guralan hüjümleri berk ýazgarýar

Ak Tamdan berlen beýanatda Günbatar Afrikada guralan soňky hüjümlere üns çekildi

922022
ABŞ Günbatar Afrikada guralan hüjümleri berk ýazgarýar

ABŞ Burkina Fasodaky hüjüm bilen birlikde soňky günlerde Günbatar Afrikada guralan hüjümleri berk ýazgarýandygyny mälim etdi.

Ak Tamdan berlen beýanatda Günbatar Afrikada guralan soňky hüjümlere üns çekildi.

Beýanatda “ABŞ soňky hepdelerde Günbatar Afrikada 100-den gowrak gyzjagazyň terrorçylar tarapyndan zamun alynmagyny, Nigeriýada ynsanperwer kömek guramasynyň işgärleriniň öldürilmegini, Malide BMG-nyň hünärmenlerine guralan hüjümde 4 adamyň öldürilmegini we soňky gezek Burkina Fasoda köp sanly adamyň ýogalmagyny ýazgarýar” diýildi.

Beýanatda “Ady agzalýan hüjümlerde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýär we ýaralananlara şypa dileýär”diýildi.



Degişli Habarlar