Tramp yzly-yzyna Pars aýlag ýurtlarynyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

920561
Tramp yzly-yzyna Pars aýlag ýurtlarynyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýär

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanatda iki lideriň telefon söhbetdeşliginde sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýän hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanatda Trampyň Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň “Eýranyň sebiti durnuksyzlaşdyrýan hereketlerine” we terrora garşy alyp barýan tutanýerli göreşi sebäpli Kataryň Emirine sag bolsun aýdandygy nygtaldy.

Iki lideriň telefon söhbetdeşliginde Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň sebitara howplaryň azaldylmagy meselesinde oýnajak roly barada hem pikir alyşandygy bellenildi.

Tramp düýn hem Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman we Birleşen Arap Emirliklikeriniň Mirasdar Şazadady Muhammed Bin zaýed bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

 



Degişli Habarlar