Lawrow bilen Gabriel Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýada hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky karary barada pikir alyşdy

919031
Lawrow bilen Gabriel Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda Lawrowyň Gabriel bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýada hüjümleriň bes edilmegi baradaky 2401 belgili karary hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginde Asada tabynlykdaky güýçleriň gabawy astyndaky Gündogar Guta ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin rus esgerleriniň edýän tagallasy barada giňişleýin maglumat beren Lawrowyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň hem Al Tanfda we Rakkada  gyssagly ýagdaýda şuňa meňzeş  çäre görmegi barada çagyryş berendigi ýatladyldy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi iki gün ozal Siriýa ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we esasan gabaw astyndaky Gündogar Gutadan agyr hassalaryň we ýaralananlaryň göçürilmegi üçin azyndan 1 aý möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegi barada karar kabul edipdi.

 



Degişli Habarlar