Çehiýa PÝD/PKK-nyň ozalky egindeş baştutany Salih Müslümi azat etdi

Geçen hepdäniň ýekşenbe güni Çehiýada tussag edilen ektremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-niň ozalky egindeş baştutany Salih Müslim kazyýet tarapyndan azat edildi

919274
Çehiýa PÝD/PKK-nyň ozalky egindeş baştutany Salih Müslümi azat etdi

Türkiýe Pragada göz tussaglygyna alynan Salih Müslimiň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi we wagtlaýyn tussag edilmegi üçin Çehiýa delo iberipdi.

Delonyň düzüminde Salih Müslimiň Türkiýede guran 3 aýry terrorçylykly hüjümi sebäpli kabul edilen 3 sany aýry tussag edilmek barada karar bardy.

Emma Pragada kazyýetiň öňüne çykan Salih Müslim Türkiýäniň talabyna garamazdan azat edildi.

Terrorçynyň azat edilmek görnüşiniň şertlimi ýa-da şertsizmi entek doly bilinenok.

Türkiýäniň Pragadaky ilçisi Ahmet Nejati Bigaly Çehiýanyň kazyýetiniň kabul eden skandal karary bilen bagly TRT-e beýanat berdi.

Türkiýäniň karary ýazgarýandygyny aýdan ilçi Bigaly: “Bu terrora berilýän goldaw manysyny aňladýar” diýdi.

Bigaly bu wakanyň alýans raýdaşlygyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklara ters gelýändigini belledi.



Degişli Habarlar