Putin Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir düýn Putin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Angele Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

918012
Putin Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin, Makron we Merkel telefon söhbetdeşlignde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kabul eden Siriýada hüjümleriň bes edilmegi karary barada pikir alyşdy.

Rus lideri Putin Siriýada hüjümleriň bes edilmegi kararynyň terrora garşy göreş operasiýalaryny öz içine almaýandygyny aýtdy.

Kremliň telefon söhbetdeşligi baradaky beýanatynda liderleriň telefon söhbetdeşliginde Gündogar Gutanyň başda durmagynda Siriýa meselesi we hüjümleriň bes edilmegi babatynda pikir alyşandygy bellenildi.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda Wladimir Putiniň Makron bilen Merkele Russiýanyň Siriýada asuda ilatyň göçürilmegi, halka ynsanperwer we medisina kömeginiň ýetirilmegi üçin edýän tagallasy barada maglumat berendigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar