Ýemende bomba ýüklenen 2 ulag bilen guralan hüjümde 6 esger ýogaldy

Hüjümde 44 adam ýaralandy

917568
Ýemende bomba ýüklenen 2 ulag bilen guralan hüjümde 6 esger ýogaldy

Ýemeniň Aden şäherinde bomba ýüklenen 2 ulag bilen guralan hüjümde 6 esger ýogaldy, 44 adam ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, bomba ýüklenen 2 ulag, Aden şäheriniň At Tewahi etrapçasynda Terrora garşy göreş edarasynyň öňünde ýaryldy.

Partlama barada resmi beýanat berilmedi, wakanyň jogapkärçiligini hen heniz öz üstüne alan bolmady.

 



Degişli Habarlar