Mýunhen howpsyzlyk maslahaty öz işini tamamlady

Germaniýada şu ýyl 54-nji gezek geçirilen Mýunhen howpsyzlyk maslahatynda Ýewropa Bileleşiginiň gelejegi bilen baglanşykly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy

912767
Mýunhen howpsyzlyk maslahaty öz işini tamamlady

Germaniýanyň Daşary işler ministr Sigmar Gabriel hem Ýewropa Bileleşiginiň gelejegi bilen baglanşykly meseleleriň hem-de Türkiýe bilen bolan gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi.

Türkiýäniň uly we güýçli bir ýurt hökmünde halkara arenada abraýynyň bardygyny aýdan Gabriel: “Türkiýe bilen gatnaşyklary güýçlendirmek üçin pursat tapmalydyrys. Ähli bu zatlaryň aňsat bolmajakdygyny bilýäris” diýdi.

Nemes ministr Hytaýyň barha güýçlenýändigine ünsleri çekip, ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda ozalkysy ýaly pugta gatnaşyklaryň bolmagy barada çagyryş berdi.

Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümedi tankyt eden Gabriel: “ABŞ-ny indi ozalkysy ýaly tanaýandygymyzy pikir etmeýärin” diýdi.

Mýunhen maslahatyna gatnaşan ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk geňeşçisi Makmaster bolsa Eýranyň üstünde durup geçip: “Eýran sebitde barha güýçlenýär, özüne degişli agyr ýaragly söweşiji toparlar emele getirýär” diýdi.

Makmaster: “Indi Eýrana garşy herekede geçmegiň wagty geldi” diýdi.

Maslahat dowam edýän mahaly binanyň daşynda bolsa NATO protest edildi.



Degişli Habarlar