Idlibde guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 7 adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

907821
Idlibde guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 7 adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Idlibde guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 7 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda günorta wagty şäher merkezindäki “Sagat çatrygy” etrapçasyna goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 30 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Türkiýe serhedinde ýerleşýän Idlib Gazagystanyň paýtagty Astanada  2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda geçirlen maslahatda Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi.

 

 



Degişli Habarlar