Eýranda Prezident köşgüne girmäge synanyşan adam saklandy

Eýranyň paýtagty Tähranda Prezident köşgüne girmäge synanyşan bir adam howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ýarag bilen atylyp täsirsiz ýagdaýa getirildi we soň bolsa göz tussaglygyna alyndy

903903
Eýranda Prezident köşgüne girmäge synanyşan adam saklandy

Tesnim habarlar agentligine beýanat beren Tähranyň welaýat häkiminiň orunbasary Muhsin Nesij Hemedani kesiji gural daşaýan bir adamyň Eýranyň Prezidentiniň köşgüne girmäge çalyşandygyny habar berdi.

Welaýat häkiminiň orunbasary Howpsyzlyk güýçleriniň duýduryşlaryna gulak asmadyk bu adamyň aýagyna atylandygyny we ýaralanandygyny belledi.

Hemedani atylan adamyň haýsy maksat bilen bu işi edendigini we şahsyýetiniň anyklanmagy üçin derňew geçirilýändigini beýan etdi.


Etiketkalar: #Tähran , #Eýran , #köşk , #Prezident

Degişli Habarlar