Yrak Saud Arabystan serhedinde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başlatdy

"Operasiýa çöldäki terrorçylary ýok etmegi maksat edinýär"

902838
Yrak  Saud Arabystan serhedinde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başlatdy

Yragyň ýaragly güýçleri ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde Saud Arabystan serhedinde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başlatdy.

Yragyň Al Sumariýa telewideniýesine beýanat beren Yrakly general Mahmud Al Felýahi Saud Arabystan serhedindäki Anbar çölüni DAIŞ-li terrorçylardan saplamak üçin operasiýa başladandyklaryny aýtdy.

General Felýahi operasiýanyň çöldäki terrorçylary ýok etmegi maksat edinýändigine ünsi çekdi.


Etiketkalar: #Yrak , #serhet , #operasiýa

Degişli Habarlar