ABŞ Günorta Sudana ýarag embargosyny goýar

"Degişli taraplara hiç hili ýarag we harby enjam satylmaz"

902758
ABŞ Günorta Sudana ýarag embargosyny goýar

ABŞ içerki söweşiň başdan geçirilýän ýeri bolan Günorta Sudana ýarag embargosynyň goýuljakdygyny habar berdi.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýanatda ABŞ-nyň Günorta Sudanda çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga garamazdan çaknyşyklaryň dowam edýändigi  sebäpli degişli taraplara hiç hili ýaragyň we harby enjamyň satylmajakdygy nygtaldy.

Beýanatda Günorta Sudanyň goňşularynyň hem şuňa meňzeş embargo goýmagy we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň Günorta Sudana garşy halkara derejesinde embargo goýulmagyna goldaw bermegi islendi.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý geçen aý Waşingtonyň Günorta Sudana 11 milliard dollarlyk maýa goýlandygyna emma indi Günorta Sudana goldaw bermejekdiklerini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar