Owganystanda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Owganystanda 6,1 bal ululygynda bolan ýer titremesi sebäpli Pakistandan 1 çaga ýogaldy

900920
Owganystanda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesi sebäpli 2 ýurtda jemi 22 adam ýaralandy. 

Güýç merkezi Owganystanyň Badahşan welaýatynyň Jurum etraby bolan 6,1 bal ululygyndaky ýer titreme Owganystan bilen birlikde Pakistanda we Hindistanda düýüuldy. 

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýerli wagt bilen sagat 07:07-de bolan ýer titremäniň ýeriň 189 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi. Ýer titremesinde Owganystan-Täjigistan serhediniň golaýynda çöken bir diwar 3 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. 

Kabulda adamlar köçelere çykdylar. 

Pakistanyň Belujistan welaýatynda öýleriň birini üçeginiň çökmegi sebäpli 15 adam ýaralandy. 

Ýer titreme Hindistanyň paýtagty Täze Delide hem duýuldy. 

Ýer titremäniň güýç merkeziniň golaýyndaky Jarm şäherçesinde 2015-nji ýylda bolan 7,5 bal ululygyndaky ýer titremede we şonuň netijesinde emele gelen ýeriň süýşmeginde jemi 500 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar