Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň paýtagty Kabulda harby bölüme guralan ýaragly hüjümde 11 owgan esger ýogaldy

899061
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda ýerli wagt bilen sagat 04:00-da bolan wakada 5 sany eli ýaragly hüjümçiniň Kabulyň günbataryndaky 111-nji milli harby bölüme girmäge synanyşandygy mälim edildi.

Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Dewlet Weziri garaňkydan peýdalanmak islän hüjümçileriň biriniň harby bölümiň girelgesinde üstündäki bombany partladyp, beýleki hüjümçileriň girmegi üçin ýol açmak isländigini habar berdi.

Weziri 4 sagat dowam eden ýaragly çaknyşykdan soň 4 hüjümçiniň öli ýagdaýda ele salynandygyny, 1 hüjümçiniň diri ýagdaýda saklanandygyny, hüjümde 11 esgeriň ýogalandygyny, 16 esgeriň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Kabulda soňky 9 günde eýýäm 3-nji gezek hüjüm guralýar.

Geçen hepdäniň şenbe güni tiz kömek ulagyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 100-den gowrak adam ýogalypdy.

Bir hepde ozal bolsa Kabuldaky myhmanhanalaryň birine guralan hüjümde 22 adam ýogalypdy.

Soňky 2 hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Taliban öz üstüne alypdy.



Degişli Habarlar