BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi Russiýanyň islegine laýyklykda maslahat geçirdi

Russiýanyň islegine laýyklykda geçirilen maslahatda Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylşy barada pikir alyşyldy

895770
BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi Russiýanyň islegine laýyklykda maslahat geçirdi

Russiýanyň düýn Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen maslahatda himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň jezasyz galmazlygy üçin döredilen halkara hyzmatdaşlygyndan soň Geňeşi maslahata çagyrmagy ünsleri çekdi.

Russiýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Nebenziýa maslahatda sözlän sözünde Russiýanyň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylşynyň derňelmegine garşy durýandygy baradaky günäkärlemeleriň ýerliksizdigini aýtdy.

Nebenziýa Russiýanyň himiki ýaraglaryň öndürilmegine we ulanylmagyna garşydygyny beýan etdi.

Siriýanyň başda durmagynda Ýakyn Gündogardaky himiki ýarag terroryna çuňňur alada bildiren Nebenziýa iş möhleti gutaran BMG-niň missiýasynyň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylşyny derňemeginiň netijesiz galandygyny we syýasy manipulýasiýa üçin mehanizme öwrülendigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň we Britaniýanyň “hiç hili delilsiz hem-de derňew işini geçirmezden Gündogar Gutada himiki ýaragyň ulanylmagy sebäpli Siriýanyň hökümetini günäkärländigini” aýdan Nebenziýa: “Russiýa Siriýada himiki ýarag ulananlaryň anyklanmagy üçin aç-açan we ynamdan çeşmelerden gelip gowşan maglumatlara laýyklykda derňew işini geçirjek halkara mehanizmiň döredilmegini teklip edýär” diýdi.

ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Heli bolsa Russiýanyň Siriýada himiki ýarag ulanylşyny derňeýän BMG-niň missiýasynyň iş möhletiniň uzaldylmagyny üç gezek weto edendigini ýatladyp: “Russiýa himiki ýaraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşini maslahata çagyrmazdan ozal aýna seretmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar