Gürjistan ABŞ-dan anti-tank raketa ulgamynyň alynmagynda ilkinji tapgyry tamamlady

Gürjistanyň Goranmak ministri Lewan İzoria ABŞ-dan anti-tank raketa ulgamynyň alynmagy boýunça birinji tapgyryň tamamlanandygyny aýtdy

895284
Gürjistan ABŞ-dan anti-tank raketa ulgamynyň alynmagynda ilkinji tapgyry tamamlady

Gürjistanyň Goranmak ministrliginiň internet saýtyndan berilen resmi beýanatda “Žawelin” anti-tank raketa ulgamlarynyň alynmagy boýunça Goranmak ministri Lewan İzorianyň ABŞ-nyň Gürjistandaky İlçisi Žan Kellini kabul edendigi habar berilýär.

Paýtagt Tibilisde Goranmak ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşykda goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ýany bilen beýleki özara gatnaşyklar barada-da pikir alyşylandygy nygtaldy.

Goranmak minstri İzoria bolsa metbugata beren gysgaça beýanatynda: “Žawelin” ulgamynyň alynmago boýunça işleriň birinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Getirilen ulgamyň ilkinji enjamlary Gürjistanyň howpsyz ýerinde ornaşdyryldy. Gysga möhletde ulgamy ulanmak üçin girji harby gullukçylaryna tälim berilmäge başlanar” diýdi.

Geçen ýylyň ahyrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Gürjistan 75 million dollara ABŞ-dan 410 sany “Žawelin” raketasyny we 72 sany “Žawelin” Lançer enjamyny aljakdygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar