Kabuldaky myhmanhana guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Owganystanyň paýtagty Kabuldaky myhmanhana guralan ýaragly hüjümde ýogalan adamlaryň sany 30-y geçdi

894171
Kabuldaky myhmanhana guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nejip Danyş hüjümde 30-dan gowrak adamyň ýogalandygyny, 4-si asuda ilatdan bolan 10 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümde ýogalan adamlaryň arasynda Pakistanda işleýän owgan diplomatyň hem bardygy mälim edildi.

Iki gün ozal 4 hüjümçi Kabuldaky myhmanhana ýaragly hüjüm gurady.

Hüjümçiler 15 sagat dowam eden çaknyşykdan soň täsirsiz ýagdaýa getirildiler.

Beýleki tarapdan Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani hüjümi ýazgaryp ýüzlenme çap etdi.

Terrorçylykly hüjümi Taliban guramasy öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar