Sergeý Lawrow Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen  BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde duşuşdylar

892054
Sergeý Lawrow Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Lawrow we Guterreşiň Siriýadaky we Demirgazyk Koreýadaky soňky wakalary ele alandyklary, taraplaryň iki sebitde başdan geçirilýän krizise çözgüt tapmak üçin syýasy we diplomatik ýollardan başga bir ýoluň ýokdygyny belländikleri aýdylýar.

Duşuşykda krizisleriň çözgüdi üçin hökümetleriň arasynda alynyp barylýan gepleşikleriň has netijeli ýagdaýa getirmegiň zerurdygyna ünsler çekildi we taraplaryň Eýranyň ýadro programasy bilen bagly düşünişmezçilikleri ortadan aýyrmak üçin gazanylan ylalaşygyň dykgat bilen durmuşa geçiriljekdigine bolan baglylyklaryny tassyklandyklary nygtaldy.    

ABŞ-niň Prezident Tramp geçen hepde Eýrana garşy ýadro ylalaşygy bilen goýulan sanksiýalary azat edýän möhlediň soňky gezek uzaldandygyny belläpdi.  



Degişli Habarlar