Tillerson: “Demirgazyk Koreýa ýadro güýç bolan bir dünýäni kabul etmeris” diýdi
ABŞ-niň Döwlet sekretary Reks Tillerson ýurdunyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro güýç bolan bir dünýäni kabul etmejekdiklerini belledi

Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen “Koreýa ýarymadasynyň howpsyzlygy we durnuklylygy” atly degişli ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty öz işini tamamlady.
Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň wekilçilik eden maslahata Kanadanyň Daşary işler ministri Hristýa Friland we ABŞ-niň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň ýolbaşçylyk etdi.
Friland we Tillerson maslahatdan soň brifing berdiler.
Friland Kanadanyň Demirgazyk Koreýa garşy embargo goýmagyna kömek bermek üçin ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň alyp barýan programasyna maddy taýdan goldaw berjekdigini belledi.
Kanadaly ministr Friland BMG-niň Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalarynyň sebitde asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulýança çenli dowam etdirilmeginiň gerekdigini nygtady.
Tillerson bolsa ABŞ-niň Demirgazyk Koreýanyň ýadro bir güýç bolan bir dünýäni kabul etmejekdigini we ýurtdaky ýadro programanyň ortadan aýrylýança çenli sanksiýalaryň dowam etjekdigini habar berdi.
Degişli Habarlar

Belgiýa Ukraina Berilen Ýaraglaryň Russiýa Garşy Hüjümlerde Ulanylmagyny Islemeýär
Belgiýanyň hökümeti Ukraina beren ýaraglarynyň Russiýa garşy hüjümlerde ulanylmagyna garşy durýar.