Şotlandiýa ýylyň ahyrynda garaşsyzlyk üçin referendum geçirmekçi...

Mundan iki ýyl ozal şotlandlaryň geçiren Garaşsyzlyk referendumyndan garaşylýan netije çykmandy

888435
Şotlandiýa ýylyň ahyrynda garaşsyzlyk üçin referendum geçirmekçi...

Bu barada Premýer ministr Nikola Sturgeon beýannama berdi

Şotlandiýanyň Premýer ministri Nikola Sturgeon ýylyň ahyrynda Britaniýa bilen ÝB-niň arasyndaky Brexit ylalaşygynyň detallary belli bolandan soň ikinji garaşsyzlyk referendumyny geçirip geçirmejekdiklerine karar berjekdiklerini aýtdy.

Sturgeon: “Güýz aýlarynda geljekdäki gatnaşyklaryň nähili boljakdygyny kesgitläris. Men hem şol wagt Şotlandiýa üçin nähili başlangyç etmelidigimiz barada karar bererin” diýdi.

Mundan iki ýyl ozal şotlandlaryň geçiren Garaşsyzlyk referendumyndan garaşylýan netije çykmandy. Referendumda şotland halkynyň 55,4 göterimi Britaniýanyň çäginde galmagy saýlap alypdy.



Degişli Habarlar