Afrika ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampdan nägile

54 ýyrdyň BMG-däki ilçileri, Günorta Amerikadan we Afrika ýurtlaryndan gelen bosgunlara garşy dil ýetirmegi sebäpli ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampy ýazgardy we ötünç soramagyny talap etdi

887787
Afrika ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampdan nägile

BMG-däki Afrika toparynyň 54 ýurdynyň ilçileri, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň afrikaly bosgunlara garşy aýdan sözleri sebäpli Nýu-Ýorkda gyssagly ýagdaýda ýygnandy.

Maslahatdan soň çap edilen umumy beýanatda Trampyň Ak Tamda geçirilen ýygnaklaryň birinde Günorta Amerikanyň käbir ýurtlaryndan we Afrikadan gelen bosgunlar bilen baglanşykly “Ýigrenji ýurtlardan gelýärler” diýip dil ýetirmegini “Skandal we rasist” hökmünde häsýetlendirildi we berk ýagdaýda ýazgarylandygy habar berildi.

Trampyň sözlerini yzyna almalydygy we ötünç soramalydygy talap edilen umumy beýannamada Donald Trampy ýazgarýan ähli amerikalylara minnetdarlyk bildirildi.

Beýleki tarapdan Senegal we Botswana başda bolmak bilen Afrika ýurtlaryndaky ABŞ-niň ilçileri Trampyň sözleri sebäpli Daşary işler ministrliklerine çagyryldy.



Degişli Habarlar