Efiopiýada daşary ýurtlylaryň ogullyk ýa-da gyzlyk almagy gadagan edildi

Takmynan 100 million ilata eýe bolan ýurtda garyplyk, tebigy heläkçilikler we çaklnyşyklar sebäpli her ýyl müňlerçe çaga ýetim galýar

885629
Efiopiýada daşary ýurtlylaryň ogullyk ýa-da gyzlyk almagy gadagan edildi

Efiopiýanyň Halklaryň wekilleri mejlisi mesele bilen bagly kanuny tassyklady.

Milli metbugatda berilen habarda kanunyň mejlisde jedelleşiklere sebäp döredendigi mälim edildi.

Wekilleriň käbirleri ýurtda ýetim bolan çagalaryň galyp biljek ýeterlik derejede merkeziň ýokdygyny aýdan bolsalar, käbirleri bolsa ogullyk ýa-da gyzlyk alan adamlaryň çagalara erbet garaýandygyny nygtadylar.

Takmynan 100 million ilata eýe bolan ýurtda garyplyk, tebigy heläkçilikler we çaklnyşyklar sebäpli her ýyl müňlerçe çaga ýetim galýar.



Degişli Habarlar