Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýa iki ýyl soň ilkinji gezek ýokary derejeli gepleşik geçirdi

“Gyşky olimpiadalaryň parahatçylyk festiwaly ýaly geçirilmegi we iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tagalla ederis”

884439
Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýa iki ýyl soň ilkinji gezek ýokary derejeli gepleşik geçirdi

 

Iki ýurduň arasynda serhet ýakasynda esgerden saplanan Panmunžom obasynda geçirlen gepleşige her ýurtdan 5 adamlyk resmi wekiliýet gatnaşdy.

Günorta Koreýanyň Birleşme ministri Gýon gepleşigiň öňüsyrasynda beren beýanatynda “Gyşky olimpiadalaryň parahatçylyk festiwaly ýaly geçirilmegi we iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tagalla ederis” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň Birleşdirme komitetiniň başlygy Ri Son Gwon bolsa “ıki Koreýanyň içgin hereket etmegini umyt edýärin” diýdi.

Iki ýurduň arasynda şu gün başlan gepleşik 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçirlen ilkinji ýokary derejeli gepleşik özboluşlylygyna eýe.

 

 



Degişli Habarlar